HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minsk şäherinde geçirilen kinofestiwalda türkmen filmi görkezildi

Noýabr 22, 2023 | 20:51 |9025
Filme tomaşa etmäge Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we türkmen talyplary, şeýle hem Minsk şäheriniň ýaşaýjylary ýygnandylar.Filme tomaşa etmäge Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we türkmen talyplary, şeýle hem Minsk şäheriniň ýaşaýjylary ýygnandylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy

“Daragt” atly türkmen filmi çarşenbe güni Belarus Respublikasynda geçirilen “Listopad” atly halkara film festiwalynyň çäklerinde tomaşaçylara görkezildi. Kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň filmi festiwalyň ýaryş meýilnamasyna hem girizilp, Minsk şäheriniň Merkezi kinoteatrda görkezildi.

Filme tomaşa etmäge Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we türkmen talyplary, şeýle hem Minsk şäheriniň ýaşaýjylary ýygnandylar.

“Listopad” halkara film festiwaly şu ýyl 17-nji noýabrdan 24-nji noýabr aralygynda geçirilip, ol Belarusdaky iň uly film forumydyr. Bu festiwal her ýyl kino pudagynyň hünärmenlerini we köp ýurtlaryň meşhur medeni işgärlerini bir ýere jemleýär.

в текст.jpg

Belarusda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, Bilim ministrliginiň we Respublikanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary festiwalyň hormatly myhmanlary boldular.

Bu film forumynyň esasy maksady kino sungatyny wagyz etmek, Russiýada, GDA we Baltika ýurtlarynda we daşary ýurtlarda bitewi kinoteatr giňişligini döretmek, döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek we tejribe alyşmak, döredijilik ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026