Türkmenistanly ýaş sazanda Bütinrus saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçysy Leýli Garýagdyýewa çagalar sazçylyk mekdepleriniň we "Sazly marafon" çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen IX Bütinrus saz gurallary bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Sankt-Peterburgda geçirilen bäsleşige Leýli “Fotepiano” ugry boýunça sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Ýaş zehinli gyz Sergeý Rahmaninowyň saz eserini ýerine ýetirdi.
Leýli 6 ýaşyndan bäri Bagtygul Seýitkuliýewanyň ýolbaşçylygynda fortepiano çalmagy öwrenýär.
Aýdym-saz bäsleşigi çagalar sazçylyk we çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň ýerine ýetiriş ukyplaryny ýokarlandyrmak, olary döredijilik taýdan höweslendirmegi maksat edinýär.
Bäsleşige gatnaşanlaryň çykyşlaryna Russiýanyň görnükli medeniýet we sungat işgärleri, öňdebaryjy hünärmenler, kompozitorlar we mugallymlar baha berdiler.
Olar döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylaryň saz gurallaryny ussatlyk bilen erk edip biliş derejesine, çylşyrymly sazlary ýerine ýetirip bilşine, olary arassa mazmunda çalyp bilşine, çeperçiligine we saz eserlerini düşündirip bilişlerine baha berdiler.
ORIENT news








