HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý ykjam aragatnaşyk ulgamynda dünýäde ilkinjileriň hatarynda

Noýabr 22, 2023 | 09:47 |5234
Hytaýyň tehnologiýa goşandy dünýäniň ykjam aragatnaşyk ulgamyna ägirt uly  täsir etdi, aragatnaşyk çykdajylaryny azaltmaga we onuň elýeterliligini gowulandyrmaga ýardam berdi.Hytaýyň tehnologiýa goşandy dünýäniň ykjam aragatnaşyk ulgamyna ägirt uly  täsir etdi, aragatnaşyk çykdajylaryny azaltmaga we onuň elýeterliligini gowulandyrmaga ýardam berdi.
Çeşme: tadviser.ru

Hytaýyň tehnologiýa goşandy dünýäniň ykjam aragatnaşyk ulgamyna ägirt uly täsir etdi, aragatnaşyk çykdajylaryny azaltmaga we onuň elýeterliligini gowulandyrmaga ýardam berdi.

Hytaý ählumumy maglumat ulgamyny döretmekde dünýäde birinji orny eýeleýär. Hytaýyň 5G ulgamy ulanyjylaryň sany we gurşap alýan meýdany boýunça dünýäde iň uly 5G ulgamydyr.

Munuň özi geljekde Hytaýyň ykjam aragatnaşyk pudagynyň optiki we hemra aragatnaşyk, şeýle hem ulag serişdeleriniň Intertedi ulgamynda dünýäde ilkinjileriň hataryna geçjekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär.

Hytaýyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary korporasiýasynyň (Сhina Information аnd Сommuniсation Teсhnologies Group Сorporation)
baş direktorynyň orunbasary we baş inženeri Çen Şanži Сhina daily web-saýtyna beren interwýusynda Hytaýyň maglumat-kommunikasiýa pudagynda giň zolakly elýeterlilik, utgaşdyrmak, durnuklylyk we howpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegine uly üns berjekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, ýokary geçirijilik ukybyny gazanmak we hemra hem-de ýerüsti ykjam aragatnaşygyny utgaşdyrmak zerur bolup durýar. Aragatnaşygyň emeli intellekt bilen utgaşdyrylmagy, daşky gurşawa zyňyndylaryň azaldylmagy beýleki möhüm ugurlar bolup durýar.

“Bularyň hemmesi müşderilerimize we umuman tutuş pudaga toplumlaýyn çözgütleri teklip etmäge mümkinçilik berer” diýip, Çen Şanži belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026