HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Eksport işi" wiktorinasynyň ýeňijilerini yglan edilýär!

Noýabr 11, 2023 | 09:00 |15681
2023-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda geçirilen "Eksport işi" atly wiktorinanyň gurnaýjylary bu onlaýn wiktorinanyň ýeňijilerini hoşallyk bilen yglan edýärler.2023-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda geçirilen "Eksport işi" atly wiktorinanyň gurnaýjylary bu onlaýn wiktorinanyň ýeňijilerini hoşallyk bilen yglan edýärler.
Çeşme: Pexels.com

2023-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda geçirilen "Eksport işi" atly wiktorinanyň gurnaýjylary bu onlaýn wiktorinanyň ýeňijilerini hoşallyk bilen yglan edýärler.

Aşgabat şäherindäki “Beýik ýüpek ýoly” HK-nyň utgaşdyryjysy Sytdykow Güýçgeldi I-nji orna eýe boldy. Güýçgeldi wiktorina soraglarynyň hemmesine dogry jogap berdi.

Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy Merdan Haýytow II-nji orna eýe boldy. Merdan wiktorina soraglarynyň 73% dogry jogap berdi.

III-nji orna Aşgabat şäherindäki Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň baş utgaşdyryjysy Gurbanberdiýew Sapa we Aşgabat şäherindäki “Beýik ýüpek ýoly” HK-nyň terjimeçisi Esenowa Jeren eýe boldylar. Olar wiktorina soraglarynyň 70% dogry jogap berdiler.

“Eksport işi” wiktorinasynyň birinji tapgyrynda ýeňijiler öz ýerlerine degişlilikde ORIENT ýadygärlik sowgatlaryny, ORIENT tarapyndan tölenen işewürlik kursyny geçmek üçin sowgatlyk şahadatnamasy, ORIENT web sahypasynda ýeňijiniň işleýän kärhanasy barada mugt mahabat şeýle hem onuň bilen söhbetdeşlik (ýeňijiniň islegine görä) geçiriler.

Şeýlelik bilen wiktorinamyz dowam edýär. Onuň indiki tapgyrlary (olar jemi dört sany) ýylyň dowamynda üç aýda bir gezek geçiriler. Aralykda geçirilýän tapgyrlara gatnaşan ýeňijiler ORIENT tarapyndan baýraklary alarlar we dört tapgyryň netijelerine esaslanyp, ýylyň iň üstünlikli ýeňijisi kesgitlener we baş baýrak - Samsung öýjükli telefony bilen sylaglanar. Şeýlelik bilen, biziň wiktorinamyzyň geçiriljekdigi barada bildirişlerimizi yzarlamaga çagyrýarys.

Şu düwmä basyp, goşmaça maglumatlary okap bilersiňiz.

Wiktorinanyň birinji tapgyrynyň ýeňijilerini gutlaýarys we hemmäňize üstünlik arzuw edýäris!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026