HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Noýabr 20, 2023 | 19:07 |6971
Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi.Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň oňa wezipesini ýerine ýetirmeginde ählitaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem, iki ýurduň halkara giňişligindäki, ilkinji nobatda hem BMG-niň çäklerinde täsirli hyzmatdaşlygyny bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Söwda we ykdysady ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek nukdaýnazaryndan ýangyç-energetika toplumy, ösen tehnologiýalar we ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýalar pudaklaryna maýa goýumlary agzaldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugry hökmünde görkezdiler. Ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlaryndaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine hem aýratyn ähmiýet berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026