Halkara guramalarynyň wekilleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar


Birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüş meselelerini “tegelek stol” görnüşinde geçirilen maslahatda ara alyp maslahatlaşdylar. Bu maslahata Ýewraziýa Ösüş bankynyň, Bütindünýä Bankynyň, Aziýa Ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruturalara maýa goýum bankynyň, Yslam Ösüş bankynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), BSGG-niň, Senagat Ösüşi guramasynyň, Daşky gurşaw maksatnamasynyň, ESKATO-nyň, Ösüş Maksatnamasynyň, Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda degişli hasabatlar diňlenildi. Mysal üçin, Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Tatýana Proskuryakowa bankyň hödürleýän umumy maýa goýumynyň ýarysyny suw pudagy, energiýa we ekologiýa boýunça taslamalara gönükdiriljekdigini mälim etdi.
“Bütindünýä Banky üçin bu ugurlardaky meseleler örän wajypdyr. Merkezi Aziýadaky maýa goýum bukjamyz takmynan 12 milliard ABŞ dollar möçberinde bolup, şonuň döretden bir bölegi suw, energiýa ýa-da daşky gurşaw pudaklaryna gönükdirilýärdi. Ýakyn geljekde bu ugurlardaky taslamalara gönükdiriljek maýa goýumlar umumy mukdaryň ýarsyna çenli eýelär” diýip Bütindünýä Bankynyň wekili belledi.
Şeýle hem Bütindünýä Bankynyň durmuşa geçirýän işleriniň sebitde suwaryş we suw üpjünçiligi meselelerini çözmek üçin 10 ädimi teklip edýän Ýewraziýa Ösüş Bankynyň ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýändigi bellenildi. Şunda Halkara suw we energetika konsorsiumynyň, Suwaryş enjamlarynyň sebit önümçilik klasteriniň döredilmegi, nyrhlara maýa goýum goşantlarynyň kem-kemden goşulmagy, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasy ugurlar hökmünde görkezilýär.
BMG-niň degişli edaralarynyň wekilleri hem Bütindünýä Bankynyň çemeleşmesi bilen ylalaşdylar. Yslam Ösüş bankynyň wekilleri suwy deň paýlamagyň mehanizmleri barada durup geçdiler. Duşuşykda Aziýanyň Ösüş banky degişli ugurlarda bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi.
ORIENT news








