HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lebapda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň deslapky tapgyry geçirildi

Noýabr 19, 2023 | 18:19 |9263
Ýaryş şweýsar ulgamyna laýyklykda 9 tapgyrda geçirildi. Oňa jemi 121 türgen gatnaşdy.Ýaryş şweýsar ulgamyna laýyklykda 9 tapgyrda geçirildi. Oňa jemi 121 türgen gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň I ligasynyň üçünji saýlama tapgyry Lebap sebitinde tamamlandy. Mekdep okuwçylary Ulugbek Mätnazarow we Ýunus Joraýew mümkin bolan 9 utukdan 7.5 utuk toplady we beýleki garşydaşlaryndan tapawutlandy. Goşmaça görkezijilere görä Ulugbek ýaryşyň ýeňijisi, Ýunus bolsa ikinji ýeri eýeledi.

IMG_20231117_104703.jpg

Ýaryşyň bürünç medalynyň ýeňijisini goşmaça görkezijiler bilen kesgitlemeli boldy. Mekdep okuwçylary Serdar Baýramow we Ilhan Çaryýew ikinji orundaky bäsdeşinden ýarym utuk yzda boldy. Gazanan netijesiniň has gowy bolmagy sebäpli Serdar üçünji orny eýeledi.

IMG_20231117_104743.jpg

Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda, garaşylyşy ýaly, mekdep okuwçylarynyň arasynda Aziýa çempionatynyň ýeňijisi Gulmira Seýilhanowa özüniň ussatdygyny subut etdi. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplady we iň golaý garşydaşlaryndan 1,5 utuk tapawutlandy.

IMG_20231117_104819.jpg

Ikinji orun ugrunda 3 sany bäsdeş özara bäsleşdi. Olar Maral Rozyýewa, Jahan Rejepowa we Aýa Baýramowadyr. Goşmaça görkezijilere görä, Farab sebitiniň tälimçisi Maral Rozyýewa kümüş medal, mekdep okuwçysy Jahan Rejepowa bürünç medal gazandy.

IMG_20231117_134140.jpg

Ýaryş şweýsar ulgamyna laýyklykda 9 tapgyrda geçirildi. Oňa jemi 121 türgen gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri we statistikasy şu salgy arkaly bilmek bolýar: https://chess-results.com/tnr838966.aspx?lan=11&art=0 Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar berşi ýaly, ýurduň I ligasynyň çempionatynyň indiki saýlama tapgyry, we şu ýylyň iň soňky bäsleşigi 20-24-nji noýabrda Mary sebitinde geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026