HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Daşkentde geçirilen BOMKA Maksatanamasynyň mejlisine gatnaşdylar

Noýabr 19, 2023 | 15:45 |5276
Duşuşygyň ahyrynda, Maksatnamanyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi.Duşuşygyň ahyrynda, Maksatnamanyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan Respublikalarynyň degişli pudaklary boýunça wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMKA-10) Utgaşdyryjy toparynyň 3-nji maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet serhet, Döwlet migrasiýa gulluklarynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinar we Döwlet karantin gulluklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde Maksatnamanyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi we geljek ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň dogrusynda çykyşlary diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda, Maksatnamanyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň BOMKA-10 Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde ýerine ýetirilen işler barada aýdylanda sebit we ýurt derejesinde geçirilýän köp sanly okuw çärelerini, serhetýaka gümrük nokatlarynda amaly okuwlary, maslahatlary, duşuşyklaryň bellemek gerek. Şeýle çäreler gümrük işgärleriň tejribesini artdyrmak bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda işlenip taýýarlanýan gümrük işi babatda mobil goşundy hem bu hyzmatdaşlygyň çäginde uly taslamalaryň biridir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026