HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minskde türkmen-belarus ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlygynyň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy

Noýabr 17, 2023 | 19:13 |6942
Ylym we tehnologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara belarus-türkmen toparynyň üçünji mejlisi anna güni 17-nji noýabrda, Minskde geçirildi. Mejlis Belarus Respublikasynyň Döwlet ylym we tehnologiýa komitetinde boldy.Ylym we tehnologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara belarus-türkmen toparynyň üçünji mejlisi anna güni 17-nji noýabrda, Minskde geçirildi. Mejlis Belarus Respublikasynyň Döwlet ylym we tehnologiýa komitetinde boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarussiýadaky ilçihanasy tarapyndan berlen

Ylym we tehnologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara belarus-türkmen toparynyň üçünji mejlisi anna güni 17-nji noýabrda, Minskde geçirildi. Mejlis Belarus Respublikasynyň Döwlet ylym we tehnologiýa komitetinde boldy.

Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň ylmy we tehnologiki merkezlerinde gepleşikleri güýçlendirmek meselesi girdi.

1.jpg

Türkmenistanyň Minskdäki ilçihanasynyň berýän habaryna görä, taraplar Belarussiýada we Türkmenistanda ylym, tehnologiýa we innowasiýa ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar we döwletara derejesinde ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

2 (1).jpg

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegi uly temalaryny şeýle hem ylmy we maglumat alyş-çalyş mümkinçiliklerini açmaga kömek etjek beýleki çäreler boýunça bilelikdäki ylmy-tehniki, gözleg taslamalaryny guramaly diýen netijä geldiler.

3.jpg

Gepleşikleriň netijesinde mejlisiň Teswirnamasy ylalaşyldy we oňa gol çekildi.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Täze materiallaryň himiýa institutyna, Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň geofiziki gözegçilik merkezine we onuň hemişelik “Ylmyň önümçilikdäki üstünlikleri” atly sergisine şeýle hem Belarus Milli tehniki we Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetlerine baryp gördiler. Saparyň dowamynda bu edaralaryň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

20:00 Awgust 13, 2026
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026