HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanada Ýolçylaryň hökümatara geňeşiniň mejlisi geçdi

Noýabr 18, 2023 | 18:50 |7875
Gazagystanyň paýtagty Astanada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçylaryň hökümatara geňeşiniň nobatdan daşary 47-nji mejlisi geçdi. Bu barada geňeşiň resmi saýtynda habar berildi.Gazagystanyň paýtagty Astanada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçylaryň hökümatara geňeşiniň nobatdan daşary 47-nji mejlisi geçdi. Bu barada geňeşiň resmi saýtynda habar berildi.
Çeşme: cmcd.ru

Gazagystanyň paýtagty Astanada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçylaryň hökümatara geňeşiniň nobatdan daşary 47-nji mejlisi geçdi. Bu barada geňeşiň resmi saýtynda habar berildi.

«Kaztraffic-2023» XIX Halkara forumyň çäklerindäki mejlis Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň ýol-ulag we ylmy-barlag edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi.

Olar GDA-nyň Ýolçylarynyň hökümatara geňeşiniň geçen döwürde ýeten sepgitleri bilen tanyşdylar hem-de arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň awtomobil ýollarynyň taslamasyny düzmek, gurmak, döwrebaplaşdyrmak we ulanmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da olar GDA gatnaşyjy döwletleriň awtomobil ýollary boýunça döwletara ýükdaşamalaryny amala aşyrýar. Ulag serişdeleriniň agramy we ölçegleri hakyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, 2024-njiý ýylda VII Halkara awtoulag ýörüşini geçirmek, “GDA-nyň awtomobil ýollary - 2024” bäsleşigini guramak bilen bagly meselelere garadylar.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Ulag diplomatiýasynyň halkara merkeziniň işine garamak, GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrantlarynyň we aspirantlarynyň ylmy işleriniň her ýylky halkara bäsleşigini geçirmek bilen bagly meseleleler girizildi.

GDA-nyň Ýolçylarynyň hökümatara geňeşiniň 48-nji mejlisini 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Aşgabatda geçirmek meýilleşdirildi.

GDA-nyň Ýolçylarynyň hökümatara geňeşi 1992-nji ýylda döredildi. Onuň döredilmegi GDA döwletleriniň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde ýol pudagyny ösdürmek zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Umumylykda peýdalanylýan awtomobil ýollarynyň ulgamynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine, şeýle hem ylalaşykly ýol syýasatyny amala aşyrmakda hökümetlere goldaw bermek geňeşiň esasy maksadydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026