HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan halkara internet olimpiadalaryny geçirer

Noýabr 18, 2023 | 09:50 |7103
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýylyň ahyryna çenli talyplaryň arasynda birnäçe internet olimpiadalary geçiriler.Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýylyň ahyryna çenli talyplaryň arasynda birnäçe internet olimpiadalary geçiriler.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýylyň ahyryna çenli talyplaryň arasynda birnäçe internet olimpiadalary geçiriler. Bu barada wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde mälim etdi.

Bellenilişi ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça II açyk halkara internet olimpiadasyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça II halkara internet bäsleşigini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dili dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda III açyk halkara fizika dersi boýunça internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.

Halkara olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026