HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-nyň geleşikleri: nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy

Noýabr 18, 2023 | 14:58 |4882
17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwda geleşiklerinde daşarky bazara her kilogramynyň bahasy 1.87 ABŞ dollaryna barabar bolan nah ýüplügi, her toplumyň bahasy 6.50 ABŞ dollardan durýan "Flanel" düşekleri, her toplumyň bahasy 7,00-8,00 ABŞ dollaryna barabar bolan "Kreton" düşekleri ýerlenildi.17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwda geleşiklerinde daşarky bazara her kilogramynyň bahasy 1.87 ABŞ dollaryna barabar bolan nah ýüplügi, her toplumyň bahasy 6.50 ABŞ dollardan durýan "Flanel" düşekleri, her toplumyň bahasy 7,00-8,00 ABŞ dollaryna barabar bolan "Kreton" düşekleri ýerlenildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwda geleşiklerinde daşarky bazara her kilogramynyň bahasy 1.87 ABŞ dollaryna barabar bolan nah ýüplügi, her toplumyň bahasy 6.50 ABŞ dollardan durýan "Flanel" düşekleri, her toplumyň bahasy 7,00-8,00 ABŞ dollaryna barabar bolan "Kreton" düşekleri ýerlenildi.

Içerki bazarda her tonnasynyň bahasy 7 800.00 manada barabar bolan "KO-20" kysymly kerosin, her tonnasynyň bahasy 2 500.00 manada deň bolan "BND" kysymly bitum, her tonnasynyň bahasy 25 000.00 manatdan durýan "TPP D 382 BF" kysymly polipropilen, her kilogramynyň bahasy 36.00-37.80 manada barabar bolan gaty nah ýüplükler, her inedördül metr bahasy 4.75 manada barabar bolan 100% pagtadan "Flanel" dyky matasy we her inedördül metr bahasy 1 805.50-3 164.80 manatda bahalanýan türkmen el halylary satyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli kärhanalardan umumy bahasy 1 823 400,00 ABŞ dollarlyk nah ýüplükleri, "Flanel" we "Kreton" düşeklerini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Türkmen işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden "KO-20" kysymly kerosini, "BND" kysymly bitumi, "TPP D 382 BF" kysymly polipropileni 82 496 000,00 manada satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden gaty nah ýüplükleri, 100% pagtadan "Flanel" dyky matalaryny umumy bahasy 1 804 187,50 manada satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Umumy bahasy 814 053.24 manatlyk türkmen el halylary ýerlenildi.

Anna güni jemi bahasy 85 114 240,74 manada we 1 823 400,00 ABŞ dollaryna deň bolan söwda geleşikleriň 63-si baglaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026