HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow BAE-li hyzmatdaşlary Türkmenistandaky energetika taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

Noýabr 18, 2023 | 10:41 |5340
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui bilen gepleşikleri geçirdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui bilen gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurtdaky hyzmatdaşlary Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany türkmen tarapynyň BAE-niň işewür düzümleriniň wekilleri bilen netijeli pikir alyşmaga, olaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Duşuşykda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň dost-doganlygyň berk esaslaryna, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanyp, barha ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan we BAE Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýärler.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maliýe, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýangyç-energetika pudagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026