Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Saud Arabystany Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň senesini ylalaşdylar

Noýabr 17, 2023 | 00:42 |7330
Türkmenistan we Saud Arabystany Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň indiki, 7-nji mejlisini geçirmegiň senesi barada ylalaşdylar.Türkmenistan we Saud Arabystany Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň indiki, 7-nji mejlisini geçirmegiň senesi barada ylalaşdylar.
Çeşme: AFP

Türkmenistan we Saud Arabystany Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň indiki, 7-nji mejlisini geçirmegiň senesi barada ylalaşdylar.

Penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iki ýurduň Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aýlagdaky arap döwletleriniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna bolan iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň Saud Arabystan böleginiň başlygy, Patyşalygyň maýa goýum ministri dekabr aýynda öz ýurdunyň Halkara ykdysady forumyny geçirýändigini aýtdy we oňa türkmen tarapyny hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Bu ykdysady forumyň yz ýany bolsa, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi geçiriler. Bu meselede guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Saud Arabystanyň wekiliýeti ýakyn wagtda Türkmenistana geler.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyga türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary başlyklyk etdi. Duşuşykda Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026