Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde UNEP bilen özara gatnaşyklar ara alyp maslahatlaşyldy


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň beýanynda aýdylýar.
Duşuşygyň dowamynda guramalaryň ýolbaşçylary ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekdiler we mundan beýläk-de özara gatnaşyklar üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler.
Wise-premýer Türkmenistanyň bu temany durnukly ösüş ýolundaky hereket meýilnamasynyň möhüm bölegi hasaplaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2016-njy ýylda goşulan Pariž şertnamasynyň, şeýle hem Ylalaşygyň tassyklanmagy bilen baglanyşykly borçnamalary göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynyň 2019-njy ýyldaky täze neşiri agzaldy.
Şu ýylyň 13-nji noýabrynda UNEP bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilendigini hem ýatlalyň. Bu resminama, Türkmenistanda we Merkezi Aziýa sebitinde innowasiýalary ornaşdyrmak üçin klimat tehnologiýalaryny we bilelikdäki taslamalary çekmek boýunça düzülen sebitleýin maksatnamalaryň işlenip düzülmegini göz öňünde tutýar.
ORIENT news








