Türkmenistan IAEA-nyň iki Konwensiýasyna goşuldy


Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow IAEA-nyň baş direktory Rafael Grossä Türkmenistanyň Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek we Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýlarda kömek bermek baradaky Konwensiýalaryna goşulýandygyny tassyklaýan güwänamalary gowşurdy. Dabara 14-nji noýabrda guramanyň Wenadaky baş binasynda geçirildi.
Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi we ýerine ýetirilmeli meseleler barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen energetika agentliginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn ösüşi bellendi.
Şu ýylyň oktýabr aýynda Mejlisiň kararyna laýyklykda Türkmenistan agzalan konwensiýalara gatnaşdy. Resminamalar goşulmak güwänamalary gowşurylandan soň 30 günden güýje girýär.
ORIENT news








