HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmaga çagyrdy

Noýabr 17, 2023 | 15:56 |5380
Şu gün türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň "Iran prože" atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.Şu gün türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň "Iran prože" atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Şu gün türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň "Iran prože" atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

"Men «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergä hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşýanlaryň ählisini bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çagyrýaryn" diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» diýlip ykrar edilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň has ähmiýetlileriniň biridir. Iki ýurduň söwda we ykdysady ugurly taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek.

Şu gün öz işine başlaýan ýöriteleşdirilen serginiň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy, onuň çäginde geçiriljek Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna iki döwletiň işewür toparlary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi, bu çäreleriň netijesi boýunça gol çekiljek şertnamalar hem aýdyň görkezýär.

"Bu günki geçiriljek gepleşikleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň iki goňşy ýurduň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňeldilmegine, geljekki özara bähbitli taslamalaryň başyny başlamaga giň mümkinçilikleri açjakdygy şübhesizdir" diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026