HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen gepleşikleri geçirdi

Noýabr 17, 2023 | 14:57 |4850
Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý sebitleýin derejede, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky döwletara dialoga uly ähmiýet berilýär.Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý sebitleýin derejede, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky döwletara dialoga uly ähmiýet berilýär.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi. Onda dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny köptaraplaýyn esasda ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý sebitleýin derejede, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky döwletara dialoga uly ähmiýet berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde beýan eden başlangyjyna laýyklykda, şu günler Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy geçirilýär.

Myhman partiýalaryň we parlamentleriň arasynda hem gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyny, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň yzygiderli guralýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlary dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýakynlaşdyrýan gurala öwrüldi.

Golaýda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň hem-de Türkmenistanyň aýry-aýry ýokary okuw mekdepleriniň — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda hytaý dili mugallymlary bilen üpjün etmek barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge täze itergi berer.

Duşuşyga gatnaşyjylar özara bähbitlere laýyklykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny belläp, wekiliýetiň şu gezekki saparynyň Hytaýyň iri sebitleriniň biri bolan Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen has ýakyn gatnaşyklary hem-de oba hojalygy, söwda, energetika, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026