"Anadolu" habarlar agentligi talyp hakly magistrlik we doktorlyk okuwlaryny hödürleýär


Türkiýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan "Anadolu" habarlar agentligi magistrlik we doktorlyk okuwlaryna okajaklara talyp haklaryny bölüp berer.
Agentlik magistrlik okuw maksatnamasy üçin 2, doktorlyk okuwy üçin hem 2 talyp hakyny maliýeleşdirer. Talyp hakyna eýe bolan dalaşgärler magistlik we doktorlyk ylmy işlerini "Anadolu" habarlar agentligi barada ýazmalydyrlar. Talyp hakyny utan magistr okuwyny okaýan raýata her aýda 12,5 müň türk lirasy, doktorlyk okuwyny okaýanlara hem 25 müň lira tölener.
Magistlik okuwyna diňe Türkiýäniň raýatlary, doktorlyk okuwyna hem türk hem daşary ýurt raýatlary ýüz tutup bilýärler. Ýüztutmalar geljek ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.
Okuwa gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän dalaşgärler öňki okan ýerleriniň resminamalarynyň nusgalaryny, iki sany hödürnamany, ýazjak ylmy işiniň temasyny, geljekki maksatlaryny beýan edýän düzmesini we daşary ýurt dilini bilýändigini tassyklaýan "YDS" synagynyň netijesini tabşyrmalydyr. Bu synag testinde gazanylan iň pes görkeziji bolsa 80 balla barabar bolmalydyr. Munuň ýerine dalaşgär eger bar bolsa, TOEFL synagynyň netijesini hem tabşyryp bilýändir. Şunda iň az görkeziji bolsa, 90 balldan ýokary bolmalydyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: “0312 999 25 82 - 0312 999 25 87”.
ORIENT news








