Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň täze ilçisi özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar


Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji noýabrda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Sasaki Hirosini kabul etdi.
Ýaponiýanyň Doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy we Ýaponiýanyň Imperator Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny şeýle-de Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berk binýady goýulan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşine goşýan uly goşandy üçin hoşallyk sözlerini ýetirdi.
Diplomat öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga çuňňur gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Gepleşiklerde Türkmenistan üçin hem Ýaponiýa möhüm hyzmatdaş ýurt bolup durýandygy, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýe bolýandygy bellendi.
Bu nukdaýnazardan, iki ýurduň umumy bähbitleri üçin mümkinçiliklerini birleşdirmäge gönükdirilen ykdysady hyzmatdaşlykda hökümetara toparlaryň möhüm roly nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ylmy-tehniki, tehnologiýa we innowasiýa tejribesiniň soňky gazananlaryna esaslanmalydyr. Bu nukdaýnazardan, Prezidentimiz Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistandaky üstünlikli işlerine ünsi çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.
Döwlet Baştutany we ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady komponentleriniň köp sanly meseleleri barada pikir alyşdylar we bilelikdäki medeni çäreleriň we netijeli gatnaşyklaryň bilimde, hususan-da Ýaponiýada türkmen hünärmenleriniň taýýarlanylmagynyň ähmiýetine ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasatda, ykdysadyýetde we söwdada, şeýle hem medeniýetde, ylymda we syýahatçylykda uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi.
ORIENT news








