HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumyna gatnaşyjylary gutlady

Noýabr 16, 2023 | 17:05 |4571
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy" ady bilen Mary şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy" ady bilen Mary şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy" ady bilen Mary şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Ýaşlar forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Foruma Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Hytaýyň ýaşlary gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

"Forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy, bähbitleri göz öňünde tutup, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder" diýlip, döwlet Baştutanynyň hatynda nygtalýar.

Nygtalyşy ýaly, forumda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilimde, ylymda we innowasiýalarda, medeniýetde, sungatda ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda Bitarap Türkmenistanyň toplan baý tejribesi, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýaşlaryň orny ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutany şeýle hem, Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026