Göwnüçökgünligi ýeňmäge ýardam etmek gaýragoýulmasyz wezipe hasap etmäge degişli meseleler maslahatlaşylýar


Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleri Aşgabatda akylwe ruhy sagdynlyk meseleleri boýunça alty günlük okuw maslahatyny geçirýärler. Okuwa gatnaşyjylar stres, depressiýa ýa-da nerw gapma-garşylyklary döwründe adamlara öz wagtynda nähili ruhy kömek bermelidigini öwrenýärler.
Bu okuw, milli saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmäge, Aşgabatdaky maşgala lukmanlarynyň, newrologlaryň we psihiatrlaryň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Okuw jemgyýetde akyl we ruhy sagdynlygyny berkitmek ugry bilen dahylly durmuşa geçirilýän taslamanyň bir bölegidir.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen çäreleriň bir bölegi hökmünde Türkmenistan soňky ýyllarda dürli ýaşdaky raýatlaryň akyl we beden saglygy pudagynda uly öňe gidişlik gazandy.
ORIENT news








