HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda sanly tenge pul birligi dolanyşyga girizildi

Noýabr 16, 2023 | 07:30 |9650
Gazagystanyň maliýeçileriniň Almaty şäherinde geçýän XI Kongresiniň çäklerinde milli pul birligi – “Sanly tenge” ilkinji gezek dolanyşyga girizildi. Bu barada Gazagystanyň Milli bankynyň metbugat gullugy habar berýär.Gazagystanyň maliýeçileriniň Almaty şäherinde geçýän XI Kongresiniň çäklerinde milli pul birligi – “Sanly tenge” ilkinji gezek dolanyşyga girizildi. Bu barada Gazagystanyň Milli bankynyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: inform.kz

Gazagystanyň maliýeçileriniň Almaty şäherinde geçýän XI Kongresiniň çäklerinde milli pul birligi – “Sanly tenge” ilkinji gezek dolanyşyga girizildi. Bu barada Gazagystanyň Milli bankynyň metbugat gullugy habar berýär.

“Şu gün biz sanly tengäni bölek söwda dolanyşygyna girizýäris. Geljek ýylda biz maliýe bazaryna gatnaşyjy hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde bu platformany has-da ösdüreris” diýip Gazagystanyň Milli bankynyň Milli töleg korporasiýasynyň başlygy Binur Žalenow aýtdy. Ol sanly tengäniň kömegi bilen ilkinji tölegi amala aşyrdy.

Ýurdyň Milli banky tarapyndanişe girizilen degişli platforma bankyň müşderilerine mobil goşundyda sanly hasaby açmak arkaly sanly tenge bilen tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Binu Žalenowyň belleýşi ýaly gazagystan banklarynyň dünýäniň töleg ulgamlary bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde töleg kartlaryny sanly tenge platformasy bilen utgaşdyrýan tehnologiýa döredildi. Bu bolsa öz gezeginde dünýäniň islendik nokadynda Apple Pay, Samsung Pay we beýleki enjamlar arkaly Gazagystanyň milli sanly pul birliginde töleg geçirmäge mümkinçilik berýär.

2025-nji ýyla çenli respublikada maliýe bazaryna gatnaşyjalryň ählisini täze platforma birikdirmegi hem-de sanly tengäni serhetüsti hasaplaşyklarynda serişde hökmünde ulanmaga başlamagy meýilleşdirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026