HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Anadolu" habarlar agentligi talyp hakly magistrlik we doktorlyk okuwlaryny hödürleýär

Noýabr 17, 2023 | 04:17 |7640
Türkiýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan "Anadolu" habarlar agentligi magistrlik we doktorlyk okuwlaryna okajaklara talyp haklaryny bölüp berer.Türkiýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan "Anadolu" habarlar agentligi magistrlik we doktorlyk okuwlaryna okajaklara talyp haklaryny bölüp berer.
Çeşme: aa.com.tr

Türkiýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan "Anadolu" habarlar agentligi magistrlik we doktorlyk okuwlaryna okajaklara talyp haklaryny bölüp berer.

Agentlik magistrlik okuw maksatnamasy üçin 2, doktorlyk okuwy üçin hem 2 talyp hakyny maliýeleşdirer. Talyp hakyna eýe bolan dalaşgärler magistlik we doktorlyk ylmy işlerini "Anadolu" habarlar agentligi barada ýazmalydyrlar. Talyp hakyny utan magistr okuwyny okaýan raýata her aýda 12,5 müň türk lirasy, doktorlyk okuwyny okaýanlara hem 25 müň lira tölener.

Magistlik okuwyna diňe Türkiýäniň raýatlary, doktorlyk okuwyna hem türk hem daşary ýurt raýatlary ýüz tutup bilýärler. Ýüztutmalar geljek ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

Okuwa gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän dalaşgärler öňki okan ýerleriniň resminamalarynyň nusgalaryny, iki sany hödürnamany, ýazjak ylmy işiniň temasyny, geljekki maksatlaryny beýan edýän düzmesini we daşary ýurt dilini bilýändigini tassyklaýan "YDS" synagynyň netijesini tabşyrmalydyr. Bu synag testinde gazanylan iň pes görkeziji bolsa 80 balla barabar bolmalydyr. Munuň ýerine dalaşgär eger bar bolsa, TOEFL synagynyň netijesini hem tabşyryp bilýändir. Şunda iň az görkeziji bolsa, 90 balldan ýokary bolmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: “0312 999 25 82 - 0312 999 25 87”.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026