HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada planetalar arasy kosmos uçuşy boýunça tejribe geçirilýär

Noýabr 17, 2023 | 04:13 |7665
Russiýada planetalar arasy kosmos uçuşy boýunça halkara synag barlag tejribesi geçirilýär. "SIRIUS-23" diýlip atlandyrylýan bu taslama 365 gün dowam eder.Russiýada planetalar arasy kosmos uçuşy boýunça halkara synag barlag tejribesi geçirilýär. "SIRIUS-23" diýlip atlandyrylýan bu taslama 365 gün dowam eder.
Çeşme: habr.com

Russiýada planetalar arasy kosmos uçuşy boýunça halkara synag barlag tejribesi geçirilýär. "SIRIUS-23" diýlip atlandyrylýan bu taslama 365 gün dowam eder.

Synag tejribesi adam bedeniniň ýyllyk izolýasiýa şertlerine uýgunlaşmagyň mehanizmlerini öwrenmek maksady bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Lukmançylyk we biologiýa meseleleri institutynyň (IMBP) toplumynda geçirilýär.

Emeli ýaşaýyş mekany bolan bu toplumyň dünýäde deňi-taýy ýok. Ol sowet döwrüniň alymy Sergeý Pawlowiç Korolýow tarapyndan planetalar arasyna gatnaýan agyr kosmiki gäminiň nusgasy hökmünde döredildi. Bu toplum 1971-nji ýylda işe girizildi. "SIRIUS-23" tejribe taslamasyna birnäçe halkara guramalardan wekiller, Hindistandan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Kanadadan we beýleki ýurtlardan alymlar gatnaşar.

Synag toparyna ekipaž komandiri Ýuriý Çebotarýow (Russiýa), lukman Kseniýa Orlowa (Russiýa), uçuş inženeri Anjelika Parfýonowa (Russiýa), şeýle hem ylmy-barlagçylar Rustam Zaripow (Russiýa), Kseniýa Şişenina (Russiýa) we Olga Mastiskaýa (Belarus) agza bolup girýär.

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Biolukmançylyk meseleleri institutynyň direktory Oleg Orlowyň bellemegine görä, izolýasiýa gözlegleri fiziologiýa pudagynda köp meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär. Nygtalyşy ýaly, bu toplum ýaly dünýäde ikinji desga ýok. Şonuň üçin-de, ol hemişe daşary ýurtly kärdeşleriň ünsüni özüne çekýär.

Taslamanyň çäginde ilkinji synag 2017-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilip, ol 17 gün dowam edipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026