HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan maglumat giňişliginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Noýabr 15, 2023 | 18:57 |6070
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow, goňşy döwletiň maglumat syýasatynyň esasy utgaşdyryjysy - Respublikanyň Prezidentiniň Telewideniýe we radio toplumynyň Baş direktory Rauşan Žanabergenow bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow, goňşy döwletiň maglumat syýasatynyň esasy utgaşdyryjysy - Respublikanyň Prezidentiniň Telewideniýe we radio toplumynyň Baş direktory Rauşan Žanabergenow bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow, goňşy döwletiň maglumat syýasatynyň esasy utgaşdyryjysy - Respublikanyň Prezidentiniň Telewideniýe we radio toplumynyň Baş direktory Rauşan Žanabergenowa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mazmunyny alyş-çalyş etmek, bilelikde öndürmek we milli we halkara derejesinde ýaýratmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegine gyzyklanma bildirdiler. Hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.

Mundan başga-da, türkmen diplomaty Rauşan Žanabergenowa bilen türkmen-gazak gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýy barada pikir alyşdy. Taraplaryň nygtaýşy ýaly iki ýurduň arasynda diňe bir syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarda däl, eýsem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ep-esli işjeňleşýär.

Gazagystanyň Prezidentiniň Telewideniýe we radio toplumy özüne "Jibek Joly" teleýaýlymyny we onuň "Jibek Joly Cinema" düzüm birligini, "Kazinform" habarlar agentligini hem-de Dokumental kino merkezine özüne birleşdirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026