HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekilleri ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Noýabr 15, 2023 | 17:04 |7589
Türkmenistanyň wekiliýeti Pariž şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynyň çäklerinde guramanyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar.Türkmenistanyň wekiliýeti Pariž şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynyň çäklerinde guramanyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Pariž şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynyň çäklerinde guramanyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine agza bolup, bu halkara çärä Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlygy Ýazpolat Keriýew, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby bar.

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumy bu halkara guramanyň durmuş we ynsanperwer ylymlary bölümi tarapyndan guralyp, ol agza döwletleriň ýaşlarynyň hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşmalara gatnaşmagyna we öz pikirlerini hem-de tekliplerini beýan etmäge şert döredýär.

14-15-nji noýabrda 2 günläp geçiriljek forumda howanyň üýtgemeginiň durmuş ulgamyna ýetirýän täsirlerine we "ýaşyl" öwrülişigiň meselelerine garalar. Umuman, bu çärä dünýäniň 150 döwletinden 170 sany ýaş wekil we ýurtlaryň ýaşlar syýasaty boýunça degişli ministrliklerinden jemi 33-sinden ýolbaşçylar gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynyň işine gatnaşyp, guramanyň we döwletleriň degişli ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşyklary geçirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026