HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze gurulýan binalary gözden geçirdi

Noýabr 14, 2023 | 23:05 |10466
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat we Arkadag şäherlerinde möhüm desgalaryň gurluşygyny gözden geçirdi.
Sişenbe güni, 14-nji noýabrda döwlet Baştutany Hökümetiň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow bilen bilelikde esasy gurluşyk meýdançalaryna dikuçar bilen aýlandy.Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat we Arkadag şäherlerinde möhüm desgalaryň gurluşygyny gözden geçirdi.
Sişenbe güni, 14-nji noýabrda döwlet Baştutany Hökümetiň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow bilen bilelikde esasy gurluşyk meýdançalaryna dikuçar bilen aýlandy.
Çeşme: "Altyn asyr" teleýaýlymy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat we Arkadag şäherlerinde möhüm desgalaryň gurluşygyny gözden geçirdi. Sişenbe güni, 14-nji noýabrda döwlet Baştutany Hökümetiň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow bilen bilelikde esasy gurluşyk meýdançalaryna dikuçar bilen aýlandy.

1.jpg

Şeýlelik bilen, Prezidentiň ünsi paýtagtyň Büzmeýin etrabynda, "Gurtly" we "Köşi" ýaşaýyş toplumlarynda gurulýan ýaşaýyş jaýlaryndaky we durmuş desgalaryndaky alnyp barylýan işlerde jemlendi.

2.jpg

Serdar Berdimuhamedow golaýda çägi giňeldilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň işleri bilen hem tanyşdy.

3.jpg

Uçuş wagtynda döwlet Baştutany Aşgabatdaky häzirki wagtda gurluşygy dowam etdirilýän lukmançylyk edaralarynyň, Stomatologiýa merkezini, Halkara çaga lukmançylygy merkezini, Halkara saglygy dikeldiş merkezini, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gözden geçirdi.

Mundan başga-da, Serdar Berdimuhamedow şäheriň merkezinde ýerleşýän seýilgäh meýdançasy we onuň çägindäki binalar bilen tanyşdy.

4.jpg Wise-premýer döwlet baştutanyna bar bolan Çagalar we ýetginjekler köşgüniň ornuny tutjak täze “Güneşli” merkezini gurmak boýunça taslamasynyň gidişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti täze toplumyň gurluşyk meýdançasyny tassyklady we çagalaryň dowamly bilim merkezi üçin zerur enjamlaryň ähmiýetine ünsi çekip, degişli halkara tenderiniň yglan edilmegini buýurdy.

5.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026