HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgenleri küşt boýunça ýaşlaryň dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Noýabr 13, 2023 | 15:03 |10045
Türkmen küştçüleri 14, 16 we 18 ýaş derejesindäki oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ol 13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilýär.Türkmen küştçüleri 14, 16 we 18 ýaş derejesindäki oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ol 13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň küşt federasiýasy

Türkmen küştçüleri 14, 16 we 18 ýaş derejesindäki oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ol 13-25-nji noýabr aralygynda Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilýär.

Bu ýaryş, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş küştçi türgenler üçin möhüm ähmiýetli sport ýaryşlaryň biridir. Sebäbi onda ýeňiji bolanlara halkara sport ussady ýa-da FIDE-niň ussady diýen at berilýär. Çempionata 93 ýurtdan 800 töweregi adam gatnaşýar.

1.jpg

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryň arasynda Aziýa çempiony, rapid görnüşli küşt boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Leýla Şohradowa, zenanlaryň arasynda milli çempion Lala Şohradowa, mekdep okuwçylarynyň arasynda Aziýa çempionatynyň medalçysy Mähri Agamyradowa, şeýle hem Sanjar Gaýbullaýew, Gurbanmyrat Rüstemow wekilçilikli çykyş edýär.

2.jpg

Çempionatda şweýsariýa oýun ulgamyna laýyklykda jemi 11 tapgyr oýnalar. Oýunlar 13-18-nji noýabr we 20-24-nji noýabr aralyklarynda geçiriler. Çempionatyň geçirilişine lichess.org ýaly dürli web-saýtlar arkaly onlaýn tomaşa edip bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026