Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň sebitleýin wekili bilen duşuşdy


Duşenbe güni 10-njy noýabrda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň OHCHR arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ugurlary barada pikir alyşyldy. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň başlygy, Türkmenistanda demokratik institutlary kämilleşdirmegiň we adam hukuklary babatynda borçnamalaryň netijeli ýerine ýetirilmeginiň bir bölegi hökmünde döwletiň degişli halkara guramalary we bölümleri bilen esasan hem BMG-niň çäginde ýakyn hyzmatdaşlygyň üstünde köptaraplaýyn iş alyp barýandygyny belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar pudagara komissiýanyň Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin alyp barýan işleriniň çägindäki oňyn dialoglary bellediler.
ORIENT news








