HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Uilýam Luis “The Washington Post” gazetiniň Baş direktory boldy

Noýabr 14, 2023 | 14:26 |4962
Luis “The News Movement” neşirini esaslandyryjy, Baş direktory we neşirçisi, şeýle hem “Z” nesline gönükdirilen “Dow Jones” we “Wall Street Journal” neşirleriniň ozalky Baş direktory we neşirçisidir.Luis “The News Movement” neşirini esaslandyryjy, Baş direktory we neşirçisi, şeýle hem “Z” nesline gönükdirilen “Dow Jones” we “Wall Street Journal” neşirleriniň ozalky Baş direktory we neşirçisidir.
Çeşme: edition.cnn.com

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň görnükli işgäri Uilýam Luis Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “The Washington Post” gazetiniň neşirçisi we Baş direktory wezipesine bellendi.

Luis amerikan žurnalistikasynda ähmiýetli orny eýeleýän “Washington Post” gazetine ýolbaşçylyk eder. Bu işe ol 2024-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan girişer.

Luis “The News Movement” neşirini esaslandyryjy, Baş direktory we neşirçisi, şeýle hem “Z” nesline gönükdirilen “Dow Jones” we “Wall Street Journal” neşirleriniň ozalky Baş direktory we neşirçisidir.

“Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos “Washington Post” gazetini 2013-nji ýylda satyn aldy we onuň okyjylary hususan-da öňki prezident Donald Trumpyň döwründe has köpeldi.

Emma Donald Trump “Ak tamdan” gaýdanyndan soň, gazetiň okyjylarynyň sany 2021-nji ýylda 28 göterim azaldy. Şol bir wagtda bolsa gazetiň abunaçylarynyň sany hem 15% peseldi.

Ozalky neşirçi we ýerine ýetiriji direktor Fred Raýan iýun aýynda on ýyla golaý wagtdan soň “Waşington Post” gazetiniň başlyklygyndan aýrylýandygy barada habar berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026