Türkmenistanyň DIM-de ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
** geçirildi.](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fcdn.orient.tm%2Fstorage%2Fapp%2Fmedia%2Fru%2F2023%2F11%2F10112023saparsama.jpeg&w=3840&q=75)
** geçirildi.](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fcdn.orient.tm%2Fstorage%2Fapp%2Fmedia%2Fru%2F2023%2F11%2F10112023saparsama.jpeg&w=3840&q=75)
10-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow bilen ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Matteo Mekaççiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem, ýurduň beýleki halkara guramalar bilen bir hatarda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy, Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy, Metbugat azatlygy boýunça wekiliň edarasy ýaly düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýandygy bellendi.
Şeýle-de Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda kanun çykaryjylyk işine ýardam bermek, Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasyna goldaw, saýlaw proseslerini güýçlendirmek, metbugat azatlygyny we maglumat elýeterliligini ösdürmek, şeýle hem adam hukuklary babatynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi.
Saparynyň dowamynda Býuronyň direktory Türkmenistanyň Mejlisine, Ýokary Kazyýetine, Adalat ministrligine, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyna baryp gördi we Türkmenistanyň Adalatçysy bilen hem duşuşyk geçirdi.
ORIENT news








