HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan IACA-nyň 12-nji mejlisine gatnaşdy

Noýabr 13, 2023 | 16:38 |7685
Ýurduň Baş prokurorynyň orunbasary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti penşenbe güni 9-njy noýabrda, Korrupsiýa garşy Halkara akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.Ýurduň Baş prokurorynyň orunbasary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti penşenbe güni 9-njy noýabrda, Korrupsiýa garşy Halkara akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Ýurduň Baş prokurorynyň orunbasary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti penşenbe güni 9-njy noýabrda, Korrupsiýa garşy Halkara akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyga başlangyja gatnaşýan ýurtlaryň we birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Onuň gün tertibine IACA-nyň çäreleri bilen baglanyşykly meseleler girdi:korrupsiýanyň öňüni almak çäreleri, bu ugurda dünýä ülňülerini durmuşa geçirmek we guramanyň häzirki wezipeleri. Duşuşygyň netijesinde akademiýanyň geljek ýyl üçin býudjeti kabul edildi.

Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda döwletiň parahatçylykly durmuşa we durnukly ösüşe wehim salýan häzirki zaman päsgelçiliklerine garşy göreşiň çäginde halkara hyzmatdaşlygy pudagyna aýratyn ähmiýet berýändigini bellediler.

Türkmenistanyň BMG-niň Korrupsiýa garşy konwensiýasy ýaly birnäçe global şertnamalara işjeň gatnaşýandygyny bellemek möhümdir. Bu nukdaýnazardan yzygiderli işler alnyp barylýar we eýýäm oňyn netijeler hem gazanyldy: Korrupsiýa garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanuny, korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnama we 2020-2024-nji ýyllar üçin ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy kabul edildi.

Ýakynda Türkmenistanyň Korrupsiýa garşy Halkara akademiýasyny döretmek baradaky Ylalaşyga goşulandygyny ýatlap geçeliň. Gatnaşyjy döwletler 12-nji mejlisiň dowamynda Akademiýanyň täze agzasy hökmünde Türkmenistanyň mundan beýläkki hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026