Samarkantda çölleşmä garşy göreşmekde BMG-niň syn beriş mejlisi geçirilýär


13-17-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde BMG-niň çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň (CRIC 21) ýerine ýetirilişine syn bermek baradaky komitetiň 21-nji mejlisi geçirilýär.
“CRIC-21-e” dünýäniň 196 ýurdundan 500 töweregi wekil gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň hatarynda raýat jemgyýetiniň we ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bolup, olar Konwensiýanyň strategiki maksatlaryna ýetmek ugrundaky ilerlemeleri gözden geçirerler. Şeýlelikde, Konwensiýanyň kabul edileninden bäri iň möhüm möhüm ähmiýetli maslahatlaryň biri ilkinji gezek Merkezi Aziýada geçiriler.
“CRIC 21-e” gatnaşyjylar 2018 - 2030-njy ýyllar üçin BMG-niň çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň strategiýasyna laýyklykda ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin ählumumy maksatlara ýetmek üçin teklipleri hödürlärler.

Nygtalyşy ýaly, bütin dünýäde ýüze çykýan guraklyk, ýangyn we gyzgyn howa barha erbetleşýän we birek-birege bagly klimat hem-de tebigy betbagtçylyklaryň alamatlarydyr. 2015-nji ýyldan bäri sagdyn we öndürijilikli ýerleriň takmynan 4 million inedördül kilometri ýitirildi. Bu Merkezi Aziýa sebitiniň ululygyna deňdir. 2030-njy ýyla çenli ýerden peýdalanmak baradaky ählumumy maksatlara ýetmek üçin azyndan 1 milliard gektar ýer giňişligini dikeltmek zerurdyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň çölleşmä garşy göreş konwensiýasy (UNCCD) çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna we gurakçylygyň täsirlerini azaltmak üçin halkara möçberde döwlet we hususy pudagyň tagallalaryny birleşdirmek üçin döredilip, oňa 196 ýurt agzadyr. Konwensiýa BMG-niň daşky gurşaw we ösüş maslahatynyň netijesinde 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda Parižde kabul edildi we Rio-de-Žaneýroda 1996-njy ýylyň 26-njy dekabrynda güýje girizildi. 2012-nji ýylda bu konwensiýa 195 ýurt tarapyndan tassyklandy.

Türkmenistan 1996-njy ýylda BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasyny ilkinjileriň hatarynda tassyklady we bir ýyldan soň bu resminamany durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny düzdi. Umuman aýdanyňda, Türkmenistan BMG-niň üç - çölleşmä garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak ýaly Ählumumy konwensiýalaryna goşulandyr.
ORIENT news








