HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Noýabr 12, 2023 | 22:41 |9097
Türkmenistanyň Doha şäherindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmammedow 12-nji noýabrda Kataryň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmed bin Hasan Al Hammadi bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Doha şäherindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmammedow 12-nji noýabrda Kataryň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmed bin Hasan Al Hammadi bilen duşuşdy.
Çeşme: mofa.gov.qa

Türkmenistanyň Doha şäherindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmammedow 12-nji noýabrda Kataryň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmed bin Hasan Al Hammadi bilen duşuşdy.

Kataryň Daşary işler ministrliginiň metbugat we aragatnaşyk bölüminiň habar bermegine görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçi Seýitmammedow 2023-nji ýylyň awgust aýynda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Katardaky diplomatik wekilhananyň başlygy hökmündäki ynanç hatlaryny gowşurdy we bu wezipä resmi taýdan girişdi.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine bolan saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Doha şäherindäki diplomatik wekilhanasy açylypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

20:00 Awgust 13, 2026
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026