HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi

Noýabr 13, 2023 | 23:11 |8507
Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni 13-nji noýabrda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtab Ruzbehani kabul etdi, ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni 13-nji noýabrda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtab Ruzbehani kabul etdi, ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni 13-nji noýabrda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtab Ruzbehani kabul etdi, ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat, EYR-nyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň salamyny ýetirmek bilen, Eýranyň Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli gepleşiklere uly ähmiýet berýändigini belledi.

Işewür we konstruktiw ýagdaýda geçirilen duşuşykda Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň ilçisi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Eýranyň Türkmenistanyň sebitdäki möhüm hyzmatdaşlaryndan biri bolmagynda galýandygy we taraplaryň söwda we ykdysady ugurda deňlik we özara bähbitlilik ýörelgeleri boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmaga taýýardygy bellendi.

Bu nukdaýnazardan, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, şeýle hem gurluşyk we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge üns çekildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem ünsden düşmedi, şonuň bilen birlikde Medeniýet günleriniň, sergileriň we ş.m. bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellendi.

Ilçi Ali Mojtab Ruzbehani, Türkmenistanyň Prezidentini öz gezeginde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026