HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“iOS” enjamlaryny ulanyjylar üçünji tarapdan hem programmalary ýükläp bilerler

Noýabr 13, 2023 | 11:15 |7234
“Apple” kompaniýasy özüniň “iOS” enjamlaryny ulanyjylara programmalary islendik çeşmeden ýükläp almaga mümkinçilik döreder.“Apple” kompaniýasy özüniň “iOS” enjamlaryny ulanyjylara programmalary islendik çeşmeden ýükläp almaga mümkinçilik döreder.
Çeşme: 3dnews.ru

“Apple” kompaniýasy özüniň “iOS” enjamlaryny ulanyjylara programmalary islendik çeşmeden ýükläp almaga mümkinçilik döreder.

IOS enjamlaryna üçünji tarap çeşmelerinden programmalary gurnamaga mümkinçilik döretmek üçin kompaniýanyň tagallalary durmuşa geçirýändigi gözlegçiler tarapyndan “iOS 17.2” kodlarynda ýüze çykaryldy. Şol sanda, taýýarlaýjylaryň programmalary çalt döretmegine ýardam edýän taýýar gurallar toplumy bolan “Managed App Distribution” atly çarçuwa işe girizildi. Bu programma üpjünçiliginiň interfeýsiniň giňeltme nokady bar. Ol beýleki programmalaryň bu görnüşli giňeltmeleri döredip biljekdigini aňladýar.

Ulgamyň ýene bir täzeligi, ol üçünji taraplaryň programmalaryny enjamda işe girizmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, programmalary döredijiler özbaşdak goşundylar dükanyny hem döredip bilerler.

Häzirki wagtda “iOS” operasiýa ulgamynyň ulanyjylary diňe “Apple-iň” mobil goşundylar platformasy bolan “App Store-dan” programmalary ýükläp, işe girizip bilýärler. Geçen ýyl Ýewropa Bileleşigi ulanyjylara islendik çeşmeden programmalary ýükläp almaga rugsat bermegi kadalaşdyrýan Sanly bazarlar baradaky kanuny kabul etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026
Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

00:01 Sentýabr 11, 2026