HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş eder

Noýabr 13, 2023 | 09:54 |12482
Türkmen teatr artistleriniň halkara festiwalda görkezjek sahna oýny Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 15-nji noýabrda görkeziler. Oýun 15:00-da başlanar.Türkmen teatr artistleriniň halkara festiwalda görkezjek sahna oýny Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 15-nji noýabrda görkeziler. Oýun 15:00-da başlanar.
Çeşme: medeniyet.gov.tm

14 — 16-njy noýabr aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Bagtyýar döwürde teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler. Halkara festiwalda türkmen teatrlarynyň döredijilik toparlary bilen birlikde, dünýäniň birnäçe ýurdundan geljek teatrlaryň artistleri özleriniň sahna eserleri bilen çykyş ederler.

Halkara teatr festiwalynyň dowam edýän günleri Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş eder. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Türkmen teatr artistleriniň halkara festiwalda görkezjek sahna oýny Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 15-nji noýabrda görkeziler. Oýun 15:00-da başlanar.

Sahna eseri barada gysgaça belläp geçsek, spektaklda siwilizasiýadan alysda ýaşap ýören tokaýçylar obasynda bolup geçýän dartgynly waka beýan edilýär. Nurgazy betbagt Mömin gojanyň agtygy. Ol eje-kaka mährinden jyda düşen, ejeli ýetim, kakaly ýesir çaga. Oňa dost gerek, hossar gerek, howandar gerek. Onuň bilen gürleşýän ýok, oňa seniň kakaň Yssykkölde ýüzüp ýören ak gäminiň matrosy diýip ynandyrypdyrlar. Arzuwçyl, hyýalbent oglan, hiç bolmanda, balyga öwrülip kakasy bilen duşuşmak arzuwynda ýaşaýar. Onuň kakasy hakda ajaýyp ertekisi bar. Ol ertekiler dünýäsinde ýaşaýar. Mömin gojanyň ikinji gyzy Bekeýiň çagasy bolanok. Onuň adamsy - tokaý hojalygynyň gözegçisi Orazkul perzentsiz geçip barýanyny aýalyndan görýär. Ol içýär, mydama şagal mesligini edýär, häli-şindi kemmagal aýalyny urýar. Sebäbi oňa perzent gerek. Ol ogryn-dogryn agaç satýar, pullanýar, ýöne öýe pul däl-de, ahy – efgan, dady-perýat getirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026