Ýaponiýada hiç zat etmezlik boýunça çempionat geçirildi


Ýaponiýada ilkinji dynç alyş çempionaty geçirildi, oňa gatnaşyjylara hiç bir zat etmeklik gadagan edildi. Bu barada “Space-Out Competition” bäsleşiginiň resmi web sahypasynda maglumat ýerleşdirildi.
Bäsleşige ýetginjeklerden başlap, Ýaponiýanyň 60 ýaşly ýaşaýjylaryna çenli 100-den gowrak adam gatnaşdy. Bäsleşigiň düzgünleri hereketsiz oturmagy ýa-da bir ýarym sagatlap gözüni açyp ýatmagy talap etdi. Gülüp ýa-da gözüni ýuman gatnaşyjylar diskwalifikasiýa howpuna sezewar boldular. El telefonyny ulanmak, okamak, gürleşmek ýa-da sagada seretmek gadagan edildi.
Ýeňiji impuls bilen kesgitlenildi - her 15 minutdan gurnaýjylar gatnaşyjylaryň ýürek urşuny barlaýardylar, ol pes, ýöne durnukly bolmalydy. Bir topardan üç tansçy ýaryşyň finalçylary boldy.
Iň gyzykly ýeri hem, şeýle ýaryşlarda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän we işsiz “türgenler” bilen bäsleşip biljek tomaşaçylaryň barlygydy.
“Space-Out” bäsleşigi 2014-nji ýylda Günorta Koreýada peýda boldy. Bu ýaryş ýerli suratkeş Wupsiang tarapyndan döredildi. Onuň pikiriçe, şular ýaly ýaryşlar ýadawlyga garşy göreşmäge kömek edýär. Bu çäre her ýyl dünýäde has köp gatnaşyjyny özüne çekdi - Günorta Koreýadan we Ýaponiýadan başga-da Gollandiýada we Hytaýda şeýle çäreler geçirildi.
ORIENT news








