HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Gomeliň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we türkmen talyplary bilen duşuşdy

Noýabr 11, 2023 | 18:53 |7169
Türkmenistanyň Belarussiýa RespublikasyndakyAadatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, türkmen talyplarynyň okaýan Gomel sebitindäki öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryna baryp gördi.Türkmenistanyň Belarussiýa RespublikasyndakyAadatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, türkmen talyplarynyň okaýan Gomel sebitindäki öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryna baryp gördi.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarussiýadaky ilçihanasy tarapyndan berlen

Türkmenistanyň Belarussiýa RespublikasyndakyAadatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, türkmen talyplarynyň okaýan Gomel sebitindäki öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryna baryp gördi.

Hususan-da, ilçi F.Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetine baryp gördi, ol ýerde uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, olar bilen ylym we bilim alyş-çalşyny giňeltmek, hünärmenleri taýýarlamak, ylmy aragatnaşyk gurmak we bu ýerde okaýan türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmak mümkinçiligi barada pikir alyşdy.

1 гомель.jpg

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy mazmuny boýunça brifing geçirildi, çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we türkmen talyplary gatnaşdylar.

Diplomat Türkmenistandan gelen ýaşlar bilen aýratyn duşuşyk geçirdi we ýokary hilli bilim almak, uniwersitetiň medeni we sport durmuşyna işjeň gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

2.jpg

Soňra Şagulyýew Gomel döwlet lukmançylyk uniwersitetine baryp gördi we şol ýerde uniwersitetiň ýolbaşçylary we işjeň türkmen talyplary bilen hem duşuşdy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlary barada tegelek stol geçirdi.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň berýän maglumatlaryna görä häzirki wagtda, Türkmenistanyň 328 raýaty F.Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetinde okaýar, olaryň 140-sy birinji ýyl talyplardyr. Gomel döwlet lukmançylyk uniwersitetinde - Türkmenistanyň 135 raýaty bilim alýar, olaryň 35-si birinji ýyl talyplardyr.

3 (2).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

20:00 Awgust 13, 2026
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026