Päkistanly zenan Zef 2023 ýylda 1 million dollarlyk “Bütindünýä mugallymy” baýragynyň eýesi boldy


Päkistanly zenan mugallym Zef (hakyky ady Riffat Arif), 13 ýaşynda öýüniň howlusynda pes girdejili maşgalalaryň çagalary üçin öz mekdebini esaslandyrdy, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda we BAE-de ýerleşýän “Dubaý Cares” haýyr-sahawat guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlykda başlanan Warki gaznasynyň 2023-nji ýyldaky “Bütindünýä mugallymy” baýragynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
Indi sekizinji ýyly dolan 1 million dollarlyk baýrak, bu ugurdaky iň uly baýrakdyr.
“Gulf Today”-iň berýän habaryna görä, Päkistanyň Penjap welaýatynyň Gujranwala şäherinde iňlis, urdu dilleri, medeniýet, dinleriň arasyndaky sazlaşyk we howanyň üýtgemegi boýunça mugallym Zef 7000-den gowrak dalaşgärlerden “Bütindünýä mugallymy” baýragyna ýüz tutmak üçin saýlandy.
Aktýor, komediýaçy we ýazyjy Stiwen Fraý Pariždäki ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen dabarada 2023-nji ýyldaky “Bütindünýä mugallymy” baýragynyň ýeňijisi hökmünde zenan mugallym Zefi yglan etdi.
“Grammy” baýragynyň eýesi aýdym ýazyjysy we prodýuser Naýl Rojers dabarada çykyş edip, mugallymlarynyň onuň durmuşyna we karýerasyna ýetiren täsirini belledi. Ol: “Okuw durmuşdaky iň uly tejribedir. Okuw hiç haçan gutarmaýar we mugallymlar hiç wagt ýitip gitmeýärler” diýip, aýtdy.
Şeýle hem, bu çärede ÝUNESKO-nyň Global hasabaty we Ýörite mugallymlar toparynyň möhüm pursatlary görkezildi, bu bolsa, 2030-njy ýylda ähliumumy başlangyç we orta bilimi gazanmak üçin dünýäde 44 million goşmaça mugallymyň işe alynmalydygyna ünsi çekdi.
“Bütindünýä mugallymy” baýragy bu hünäre uly goşant goşan görnükli mugallymy tanamak we mugallymlaryň jemgyýetdäki möhüm ornuny açmak üçin döredildi.

Ol ýaşlygyndan kynçylyklara duçar bolup, giň jemgyýetindäki kemçilikli çagalara umyt çyrasy boldy. Zenan mugallym Zef heniz 13 ýaşyndaka, ene-atasy mekdep tölegini töläp bilmeýän çagalar üçin öz howlusynda öz mekdebini esaslandyrdy. Mekdebi maliýeleşdirmek üçin günde sekiz sagat işledi, soň dört sagat okuwçylara sapak berdi we gijelerine özüni kämilleşdirmek üçin bu ýerde galdy (onuň syýasy ylymlar boýunça magistr derejesi we taryh boýunça magistr derejesi bar).
26 ýyldan soň, onuň häzirki wagtda täze binada ýerleşýän mekdebi, pes girdejili maşgalalardan bolan 200-den gowrak çaga mugt bilim berýär.
Mekdebi dolandyrmakdan başga-da ol, gyzlar üçin öz-özüni goramak sapaklaryny öwredýär, çagalaryna bilim bermek we töleg tölemek ejir çekýän maşgalalara maliýe kömegini berýär we 6000-den gowrak gelin-gyzyň IKT (Informasiýa-kommunikasiýa tehnologiýalary), dokma we iňlis dillerinde bilim almagyna kömek edýän hünär merkezini dolandyrýar.
Bütindünýä mugallymlar baýragyndan gelen serişdeleri ulanyp, aýal dogan Zef, iň garyp maşgalalaryň çagalary üçin dört gektar meýdanda täze mekdep gurmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, çagalara nahar taýýarlanyljak ýer we dünýäniň birnäçe künjeklerinden çagyrylan mugallymlaryň dürli dersler boýunça sapak bermegi üçin niýetlenen ýetimler öýüni döretmek isleýär.
“Warki” gaznasynyň düýbüni tutujy Sanni Warki: “Aýal doganymyz Zefi 2023-nji ýylyň “Bütindünýä mugallymy” baýragyny almagy bilen gutlaýarys. Siziň ajaýyp geçmişiňiz, bilimiň şu günüň we ertiriň möhüm meselelerini çözmekde möhüm rol oýnaýandygyny görkezýär” diýip, belledi.
“Bütindünýä mugallymy” baýragy çagalara hökmany mekdep bilimini berýän ýa-da 5-18 ýaş aralygyndaky çagalara sapak berýän islendik mugallymlar üçin açykdyr. Hökümet tarapyndan ykrar edilen irki çagalyk maksatnamasynda “4+” ýaşly çagalary okadýan mugallymlar, şeýle hem ýarym günlük mugallymlar we onlaýn okuwlary okadýan mugallymlar hem bolup bilerler. Mugallymlar hepdede azyndan 10 sagat wagtyny mugallymçylyk işine sarp etmeli we geljek 5 ýylda bu hünärinde galmagy meýilleşdirmeli.
“Global mugallym” baýragyna şu web sahypasy arkaly ýüz tutup bilersiňiz. Mugallymlar hödürlenende, olary hödürleýän adam internetde munuň sebäbini düşündirýän gysgaça düşündiriş ýazmaly bolýar. Dalaşgär mugallyma, dalaşgär hökmünde görkezilendigini habar bermek we baýrak almak üçin ýüz tutan maglumatlar e-poçta arkaly ugradylýar. Dalaşgärler iňlis, hytaý, arap, fransuz, ispan, portugal we rus dillerinde ýüz tutup bilerler.
ORIENT news








