HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Üstaşyr geçelgelere eýe bolan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada gelerler

Noýabr 10, 2023 | 20:55 |18902
Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde şu aýda ilkinji gezek
Bütindünýä durnukly ulag gününi bellär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2016-
njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji
ählumumy maslahatyň geçirilen gününi bu halkara günüň bellenýän senesi
hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu güni
döretmek hakyndaky Karar 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş
Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde şu aýda ilkinji gezek
Bütindünýä durnukly ulag gününi bellär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2016-
njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji
ählumumy maslahatyň geçirilen gününi bu halkara günüň bellenýän senesi
hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu güni
döretmek hakyndaky Karar 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş
Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde şu aýda ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününi bellär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2016- njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy maslahatyň geçirilen gününi bu halkara günüň bellenýän senesi hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu güni döretmek hakyndaky Karar 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.

Dünýä senenamasynda täze halkara senäniň döredilmeginde başlangyçly orny eýelän ýurt hökmünde Türkmenistan bu güne bagyşlanan uly we möhüm çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. 15-17-nji noýabrda Aşgabatda "CASCA +" multimodal ulag geçelegesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler.

Duşuşygyň gün tertibi, multimodal ýük daşamak üçin nyrh artykmaçlyklaryny ulanmak mümkinçiligini öz içine alýan birnäçe pudaklaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda "CASCA +" ulag geçelgesi 3 sebiti - Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan we Gruziýa), şeýle hem Anadolyny - (Türkiýe) bir ulag zynjyryna birleşdirýär. "CASCA" ady hem bu sebitleriň iňlis dilinde atlandyrylyşynyp gysgaça görnüşidir. Ondaky “+” belgisi, degişli ugur boýunça ulag meseleleri babatda gyzyklanýan täze gatnaşyjylary kabul etmäge taýýardygyny görkezýär. Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerini, hususan-da Hytaýy Ýewropa bilen amatly ulag ýollary arkaly birleşdirmek bu birleşmäniň esasy maksadydyr.

"CASCA +" gatnaşyjy ýurtlar bu ugry ýeke-täk sebitara logistika zynjyry hökmünde ösdürmegi maksat edinýärler. Halkara ulag taslamasy "Oztemirýolkonteýner" paýdarlar jemgyýeti (Özbegistan), "TULM" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (Türkmenistan), "ADY Container" (Azerbaýjan) we "GR Logistics and Terminals" (Gruziýa) ýaly ulag- logistika operatorlarynyň gatnaşmagynda dolandyrylýar.

Geljek hepdede Aşgabatda geçiriljek forumda Gazagystan-Türkmenistan- Eýran (KTI) demir ýolunyň mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri hem maslahatlaşylar. Bu üç ýurduň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary 16-njy noýabrda Aşgabatda aýratyn duşuşyk geçirer.

Soňky döwürde "KTI" ulag ýolunyň ähmiýeti barha artup, onuň uly geljegi bar. Duşuşyga gatnaşyjylar ulag we üstaşyr geçirmek hyzmatlarynyň çalt ösýän bazarynda bu geçelgäni ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026