Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk operatory wirtual telefon belgileri işe girizýär
Noýabr 10, 2023 | 19:29 |15781


Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ─ 2023» atly XVI halkara sergisinde TM-CELL «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilere ýurdumyzda ilkinji gezek täze hyzmat bolan "eSIM" wirtual hyzmatyny hödürleýär.
"eSIM" fiziki sim karty ulanmazdan, operatoryň öýjükli meýilnamasyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän sanly sim kartadyr. Adaty sim kartadan tapawutlylykda, "eSIM" kartyny eliňizde saklap bolmaýar. Adaty sim kartyň sanly görnüşi bolan bu täsin hyzmatyň mümkinçilikleri örän giňdir.
Şeýle täzeligiň ýola goýulmagy bu gezekki giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
ORIENT news








