Mary şäheri 2027-nji ýylda YHG-niň syýahatçylyk paýtagty statusyna dalaşgär hökmünde teklip edildi


Mary şäherine 2027-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty statusyna dalaşgär hökmünde hödürlenmegi teklip edildi. Bu teklibi wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.
Ministr Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşkentde geçirilen YHG-niň 16-njy sammitinde öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin taýýarlanan ýene birnäçe teklipleri hödürledi.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde durnukly ösüş boýunça YHG-niň ilkinji ministrler forumyny geçirmeklik teklip edilýär. Şeýle hem olaryň hatarynda, üstaşyr ýük daşamak we onuň Teswirnamasy boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny tassyklamak üçin edilmeli işler bar.
Serdar Berdimuhamedowyň sammitde eden çykyşynda serhetüsti we sebitleýin söwdany güýçlendirmek meselesi gozgaldy. Bu işe YHG-niň hünärmenleriniň gatnaşmagy bilen serhetüsti söwda zolaklaryny döretmek meselesini öwrenmek teklip edildi.
Türkmenistanyň YHG-da we beýleki halkara we sebit guramalarynda wekilçilik etmegi baradaky teklip hem Prezidentiň garamagyna hödürlendi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşinde habar berildi.
ORIENT news








