Gurtlyda 2288 orunlyk ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna başlanar


Aşgabadyň Günbatar bölegindäki Gurtly ýaşaýyş toplumynda dört gatly ýene 46 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna başlanýar. Olardan 30 sanysynda her biri 40 öýli, on altysynda her biri 68 öýli jaýlar gurlar. Ýagny, olaryň jemi 2288 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlary bolar.
Mundan başga-da, bu ýerde 720 orunlyk orta mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy hem gurlar. Şeýle hem seýilgähiň, awtomobil ýollarynyň we inžener-tehniki ulgamlarynyň taslamalarynyň gurluşygyna başlanar.
“Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 10-njy noýabrda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu desgalaryň gurluşygy baradaky Karara gol çekendigi barada habar berildi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowa täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
ORIENT news








