HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG-niň ýurtlaryna gaz we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga taýýardyr

Noýabr 09, 2023 | 17:26 |10321
Türkmenistan, ýurduň häzirki we geljekki mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara berilýän tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmaga taýýardyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen YHG-niň Liderleriniň 16-njy sammitinde belledi.Türkmenistan, ýurduň häzirki we geljekki mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara berilýän tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmaga taýýardyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen YHG-niň Liderleriniň 16-njy sammitinde belledi.
Çeşme: president.uz

Türkmenistan, ýurduň häzirki we geljekki mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara berilýän tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmaga taýýardyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen YHG-niň Liderleriniň 16-njy sammitinde belledi.

TDH-nyň habaryna görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň pikiriçe, dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy YHG-niň hyzmatdaşlygynyň netijeli modelini ösdürmek üçin esasy meseleleriň biridir.

Döwlet baştutany, Türkmenistanyň käbir YHG-niň ýurtlarynyň hem gatnaşýan birnäçe iri energetika taslamalaryny öňe sürendigini ýatlatdy. Türkmenistanyň Prezidenti, hyzmatdaş ýurtlary YHG-niň giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçiligi ulgamyny döretmek maksady bilen energetika pudagyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

Serdar Berdimuhamedow: "Öz gezeginde, Türkmenistanyň häzirki bar bolan we geljekdäki guruljak mümkinçilikleri arkaly YHG-niň ýurtlaryna tebigy gaz we elektrik energiýasy üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrmaga taýýardygyny aýdyp bilerin"-diýip, belledi.

Serdar Berdimuhamedow YHG-niň ýurtlarynyň arasynda umumy ulag we logistika merkezlerini döretmek meselesini gozgady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany, geljekde ara alnyp maslahatlaşyljak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň we Gara deňziniň portlaryna Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen multimodal ýük daşamagyň ýola goýuljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek nukdaýnazaryndan ýurtlaryň mümkinçilikleri we niýetleri barada has giňişleýin düşünişmek üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan maglumat portalyny döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, Serdar Berdimuhamedow sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-niň çarçuwaly şertnamasyny işläp düzmegi hem teklip etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026