HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegine baha berildi

Noýabr 11, 2023 | 13:20 |4774
Guramanyň çäginde ýörite döredilen pudagara topar ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak üçin 46 teklibi saýlap aldy. Saýlanyp alnan teklipler we haýsy seneleriň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşulandygy şu gün belli bolar hem-de bu sanaw tassyklanar.Guramanyň çäginde ýörite döredilen pudagara topar ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak üçin 46 teklibi saýlap aldy. Saýlanyp alnan teklipler we haýsy seneleriň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşulandygy şu gün belli bolar hem-de bu sanaw tassyklanar.
Çeşme: tkamm.gov.tm

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa guramanyň aragatnaşyk, şäherler we medeni çäreler bölüminiň, şeýle hem ÝUNESKO-nyň şäherleri platformasynyň başlygy Denis Baks bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Aşgabadyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagyna baha berdiler we bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmek işlerini işjeňleşdirmek üçin çäreleri kesgitlediler. Bu barada ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary "ORIENT-e" habar berdi.

Denis Baks türkmen paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagynyň Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji maksadynyň milli derejede durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy. Bu maksat şäherleri durnukly we adamlar üçin amatly ösdürmegi maksat edinýär.

Çynar Rüstemowa, geçen ýyl Aşgabat şäheriniň dizaýnerleri, binagärleri we işläp düzüjileri üçin okuwlary guramakda ýakyndan ýardam edendigi üçin Denis Baksa hoşallyk bildirdi. Bu çäräniň Türkmenistanyň döredijilik wekilleriniň bilimlerini we tejribelerini artdyrmaga goşant goşandygy bellenildi.

Çynar Rüstemowanyň balyklygyndaky türkmen wekiliýeti şu günler Pariş şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň işine gatnaşýar. Guramanyň sekretariaty belli seneleri ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşmak babatda 39 döwletden eýýäm 55 töweregi ýüztutmany kabul etdi. Şolaryň içinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi hem bar.

Guramanyň çäginde ýörite döredilen pudagara topar ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak üçin 46 teklibi saýlap aldy. Saýlanyp alnan teklipler we haýsy seneleriň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşulandygy şu gün belli bolar we bu sanaw tassyklanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026