HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Smartfonyň ornuny tutjak enjam döredildi

Noýabr 11, 2023 | 08:54 |6829
Humane AI kompaniýasy Ai Pin atly özboluşly enjamy işläp taýýarlady we ol smartfonyň ornuny tutup biler.Humane AI kompaniýasy Ai Pin atly özboluşly enjamy işläp taýýarlady we ol smartfonyň ornuny tutup biler.
Çeşme: 3dnews.ru

Humane AI kompaniýasy Ai Pin atly özboluşly enjamy işläp taýýarlady we ol smartfonyň ornuny tutup biler.

Bu ykjam gajet burçlary aýlawly kwadrat dörtburçlygy ýada salýar. Ol magnitiň kömegi bilen egin-eşige ýa-da islendik beýleki tekizlige berkidilýär we ses buýruklarynyň üsti bilen dolandyrylýar. Onuň ölçegleri — 47,50 х 44,50 х 8,25-14,98 mm, agramy bolsa 34,2 gramma deňdir. Birikdirilýän Battery booster akkumulýatory enjamyň agramyna ýene-de 20 gramm goşýar.

Ai Pin sekiz ýadroly SoC Qualcomm Snapdragon prossesorynyň binýadynda işleýär we 4GB işjeň ýat we 32GB fleş ýa-da deňdir.

Ai Pin magulmatlary ornaşdyrylan kameranyň kömegi bilen toplaýar. Esasy kameranyň durylygy 13 Mp deňdir. Maglumat ulanyjynyň eliniň aýasyna ýa-da beýleki bir tekizlige 720p durylykda ýetirilýär. Enjam LTE we 3G ses jaňlaryny, Wi-Fi (802.11ac), Bluetooth 5.1 и GPS/GLONASS-y goldaýar.

Mundan başga-da Ai Pin mikrofon, çuňluk we hereket datçikleri, dinamik bilen üpjün edilendir. Şeýle hem Bluetooth boýunça gulaklyklary birikdirmek mümkinçiligi göz öňüne tutulypdyr. Enjam tutuşlygyna özbaşdak işleýär we smartfona birikdirilmegi talap etmeýär.

Şeýle hem ol emeli intellektiň uly görnüşlerini, şol sanda ChatGPT-ni ulanýar. Emeli intellektiň modellerine Ai Pin ýörite AI Mic programma üpjünçiliginiň kömegi bilen birikdirilýär. Enjamyň CosmOS atly operasiýon ulgamy goşundylaryň köpsanlysyny ulanmagyň ýerine, ulanyjynyň talaplaryny emeli intellektiň degişli modellerine awtomatik usulda ugradýar.

“Ai Pin – munuň özi emeli intellekti biziň gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak, adamzadyň möhüm ornuny çäklendirmezden mümkinçiliklerimizi giňeltmek babatda biziň garaýyşlarymyzyň beýanydyr. Biz Humane topary bilen soňky dört ýylda alyp baran işimiziň miwesini buýsanç bilen tanyşdyrýarys. Biziň üçin AI Pin entäk diňe başlangyçdyr” diýip kompaniýada belledirler. Humane AI Pin buýurmalar we sargytlar üçin ABŞ-da 16-njy noýabrda elýeterli bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026