Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy bilen gutlady


Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Hasyl toýy mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanynyň Gutlag haty şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.
"Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny we gurallaryny yzygiderli satyn alýarys. Daýhanlary topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edýäris" diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda nygtalýar.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy önüm öndürijiler üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredilýändigini belleýär.
Hasyl toýy Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenip geçilýär.
ORIENT news








