HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oba hojalyk toplumynda zähmet çekýän 20 raýata döwlet sylaglary gowşurylar

Noýabr 11, 2023 | 11:42 |4498
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň 20 raýatyny «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň 20 raýatyny «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň 20 raýatyny «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Döwlet sylaglary oba hojalykçylarynyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti nazara alnyp berilýär.

Döwlet sylaglaryna Ahal welaýatyndan kärendeçiler Serdar Ekäýew, Çaryberdi Pirow, Baýramsähet Narow, Parahat Kowusow, Balkan welaýatyndan hususy önüm öndürijiler Annamämmet Annaýew, Mirmuhammet Babaýew, kärendeçi Tuwakgül Ýegendurdyýewa, Daşoguz welaýatyndan kärendeçiler Artykgül Hudaýnazarowa, Jumanazar Tirkeşow, Serdar Begmädow, Aşyrdurdy Atanow, Lebap welaýatyndan kärendeçiler Kerimguly Hezziýew, Rahymguly Jumakulyýew, Gülçehra Babanazarowa, hususy önüm öndüriji Batyr Namazow, Mary welaýatyndan kärendeçiler Sähetmyrat Nökerow, Läle Atahanowa, Arslan Taganow, hususy önü öndüriji Merdan Orazow mynasyp boldular.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026